RedWM.ru

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » RedWM.ru » Туркменистан » Algoritmiň beýan ediliş usullary


Algoritmiň beýan ediliş usullary

Сообщений 1 страница 3 из 3

1

1. Algoritmleriň söz bilen beýan edilişi. Algoritmleriň bu hili
beýan edilişine durmuşda köplenç duş gelýän düzgünler toplumy
mysal bolup biler: ýoly kesip geçmegiň, telefonda gürleşmegiň, nahar
taýýarlamagyň we ş.m. düzgünleri.
Goý, formula boýunça hasaplamany amallaryň
yzygiderliligi görnüşinde ýazmak gerek bolsun. Algoritmiň söz bilen
beýan edilişi şeýle görnüşde bolar:
1-nji ädim. x-iň berlen bahasyny okamaly;
2-nji ädim. x-i 5-e köpeltmeli, netijäni a1
bilen bellemeli;
3-nji ädim. x-i kwadrata götermeli, netijäni a2
bilen bellemeli;
4-nji ädim. 7 bilen a2
-ni goşmaly, netijäni a3
bilen bellemeli;
5-nji ädim. a1
-i a3
-e bölmeli, netijäni y-iň bahasy diýip kabul etmeli

0

2

2. Algoritmleriň beýan edilişiniň blok-shema usuly. Bu usulda
algoritm ujy peýkamly kesimler bilen birikdirilen dürli tekiz geome￾trik şekillerden ybarat bolan çyzgy arkaly şekillendirilýär. Bu şekiller
(bloklar) algoritmiň ol ýa-da beýleki ädimlerine degişli edilip, ujy
peýkamly kesimler bolsa olaryň ýerine ýetiriliş yzygiderliligini kes￾gitleýärler. Bloklary we olaryň näme üçin niýetlenendigini görkezeliň:
Proses. Bu bloga arifmetiki blok hem diýilýär.
Onuň bir girelgesi we bir çykalgasy bardyr. Arifme￾tiki bloguň mazmuny gönüburçlugyň içinde ýazylýar.

0

3

Şertleriň barlagy. Bu bloga logiki blok hem diýilýär. Logiki blok al￾goritmlerde haýsy hem bolsa bir şerte görä, şaha￾lanma bar bolan wagtynda peýdalanylýar. Onuň
bir girelgesi we iki çykalgasy bardyr. Rombuň
içinde şertiň mazmuny ýazylýar. Eger şert ýerine
ýetýän (çyn) bolsa, onda «hawa» sözi bilen, ýerine ýetmeýän ýagdaýynda
(ýalan) bolsa, «ýok» sözi bilen belgilenilen ugur bоýunçа hereket edilýär

0


Вы здесь » RedWM.ru » Туркменистан » Algoritmiň beýan ediliş usullary