Her bir algoritm ýeke-täk me￾seläni çözmeklige niýetlenilen bolmaly däldir. Ol şol bir görnüşli me￾seleleriň bütin bir toplumyny dürli başlangyç bahalarda çözmek üçin
ýaramly bolmalydyr.
2-nji mysal. ax²+bx+c=0 (a≠0) deňlemäni çözmeli.
Çözülişi.
1-nji ädim. a,b,c ululyklaryň bahasyny girizmeli.
2-nji ädim. Eger a=0 bolsa, onda 1-nji ädime dolanyp barmaly.
3-nji ädim. D=b² - 4ac formula boýunça D diskriminanty ha￾saplamaly.
4-nji ädim. Eger D≥0 bolsa, onda
formulalar boýunça kökleri tapmaly, bolmasa «Kök ýok» diýen habary
çykarmaly.