Algoritmde görkezilen her bir iş
anyk, ýeke-täk manyly bolmalydyr. Bu häsiýete baglylykda algorit￾miň ýerine ýetirilişi mehaniki häsiýetdedir. Algoritm boýunça mesele
çözmek pikirlenmäni talap etmeýär, ol diňe ädimleri tertip boýunça
ýerine ýetirmeklige syrykdyrylýar. Çözülýän mesele barada hiç hili
goşmaça görkezmeler talap etmezden, islendik ýerine ýetiriji ony
ýerine ýetirip biler.
1-nji mysal. Sirkulyň we çyzgyjyň kömegi bilen AB kesimi ýar￾pa bölmeli.
Çözülişi. Mysalyň çözülüşiniň algoritmini ädimleriň yzygiderli￾ligi görnüşinde ýazalyň:
1-nji ädim. Çyzgyjyň kömegi bilen
AB kesimi gurmaly.
2-nji ädim. Sirkulyň kömegi bilen
merkezi A nokatda bolan R>AB/2 radiusly töweregi gurmaly. Ony
O (1) bilen bellemeli.
3-nji ädim. Sirkulyň kömegi bilen merkezi B nokatda bolan R
radiusly töweregi gurmaly. Ony O (2) bilen bellemeli.
4-nji ädim. Çyzgyjyň kömegi bilen O (1) we O (2) töwerekleriň
kesişýän nokatlaryny birleşdirýän göni çyzyk geçirmeli. Ony L bilen
bellemeli.
5-nji ädim. AB kesim bilen L göni çyzygyň kesişme nokadyny C
bilen bellemeli. C nokat - AB kesimi ýarpa bölýän nokatdyr.