Algoritm düşünjesi häzirki döwürde ylymda we durmuşda giňden
ýaýran düşünjeleriň biridir. Algoritm sözüniň gelip çykyşy IX asyrda
ýaşap geçen Gündogaryň görnükli alymy Muhammet al-Horezminiň
ady bilen baglanyşyklydyr. Al-Horezmi öz işleriniň birinde ilkinji
gezek hakyky sanlaryň üstünde arifmetiki amallaryň ýerine ýetiriliş
düzgünlerini beýan edipdir. Soň-soňlar algoritm sözüni diňe bir mate￾matiki manysynda däl, eýsem, has giň manylarda ulanyp başlapdyrlar.
Şunlukda, gutarnykly bir netijä getirýän hereketleriň yzygiderliligini
algoritm, her bir hereketi bolsa algoritmiň ädimi diýip atlandyryp￾dyrlar.
Elbetde, algoritm düşünjesine bellibir kesgitleme bermek kyn,
ýöne algoritme bellenilen maksada ýetmek ýa-da goýlan meseläni
çözmek üçin ýerine ýetirilmeli hereketleriň (işleriň) yzygiderliliginiň
takyk we düşnükli ýazgysy hökmünde garamak mümkin. Algoritm
düzülende goýlan meseläni çözmek üçin ýerine ýetirilmegi zerur
bolan işleriň (ädimleriň) yzygiderli ýazgysy düzülýär. Her bir indiki
ädim üçin onuň öň ýanyndaky ädimleriň netijeleri peýdalanylýar.
Taýýar algoritmi ýerine ýetirmegi islendik ýerine ýetirijä (ada￾ma, kompýutere) tabşyryp bolar. Şunlukda, ýerine ýetirijiniň çö-
zülýän mesele bilen tanyş bolmagy hökman däldir. Ýerine ýetiriji
algoritmdäki görkezilen işleri doly we dürs berjaý edip, meseläniň
çözüwini tapyp biler. Eger algoritmi ýerine ýetirmek kompýutere
tabşyrylmaly bolsa, onda ol kompýutere düşnükli dilde ýazylýar. Kom￾pýuterde çözülmeli islendik mesele üçin, ilki bilen, onuň çözülişiniň
algoritmini düzmek gerek bolýar. Islendik ädimleriň sanawy algoritm
bolmaýar. Onuň algoritm bolmagy üçin birnäçe häsiýetleriň ýerine
ýetmegi hökmandyr. Bu häsiýetler barada aýratyn durup geçeliň.