Ýokary okuw mekdepleriň maglumat tehnologiýalarynyň pro￾gramma üpjünçiligi hünärinde okaýan talyplar üçin «Programmirle￾megiň esaslary» dersi aýratyn orun tutýar. Bu dersde programma
düzmegiň esaslary öwredilýär. Programma düzmek birnäçe ädimler￾den durýar. Adatça ol ädimler aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Meseläni goýmak;
2. Meseläni çözmek üçin gerek bolan başlangyç maglumatlary
bilmek;
3. Meseläni çözmegiň algoritmini işläp taýýarlamak;
4. Programmany taýýarlamak;
5. Programmany testirlemek we ýüze çykan ýalňyşlary düzetmek;
6. Programmany işe goýbermek we goýlan meseläniň çözüwini
almak.
Köplenç halatlarda ýokardaky sanalan 3-nji hem-de 4-nji ädimler
birikdirilýär we meseläni çözmegiň algoritmi gös-göni haýsy hem
bolsa algoritmik dilleriň birinde ýazylýar.
«Programmirlemegiň esaslary» dersi maglumat tehnologiýa￾larynyň programma üpjünçiligi hünärinde 1-nji we 2-nji ýarym ýyllyk￾da geçilýär. Dersde dürli meseleleri çözmekde ulanylýan algoritmler,
Paskal algoritmik diliniň operatorlary hem-de bu operatorlara degişli
mysallar özleşdirilýär. Hususan-da, talyplara programmirlemekde wa￾jyp orun tutýan şertli operatory, geçiş operatory, gaýtalamak opera￾torlary, kömekçi programmalar, massiwler, köplükler, ýazgylar öwre￾dilýär. Şeýle hem kitapda simwollar we setir ululyklar bilen işlemekde
ulanylýan esasy usullar, maglumatlary gaýtadan işlemeklige degişli
durmuşda duş gelýän käbir meseleler beýan edilýär. Okuw kitaby pro￾gramma düzmek bilen gyzyklanýan giň okyjylar köplügi üçin hem peý-
daly bolar diýip hasap edýäris.