Synlasana daglary
Durşy bilen gözellik
Duý sen ajap çaglary
Gör nâhili hezillik

Akyl bolsañ et pikir
Hudaýa ýüz-müñ şükür
Kalba ornapdyr zikir
Gör nâhili hezillik

Laýyk bolup sünnete
Gez ýagşyny ünde-de
Ýaşaýañmy dünýede
Duý nâhili hezillik

Gözel ýurdum berkarar
Gezýârsiñmi ile zar?
Eneñ-atañ dostlañ bar
Gör nâhili hezillik

Gez şeýtana basylman
Gaýgy-gussa gysylman
Biz ýene-de musulman
Gör nâhili hezillik

Ýörâp dursa aýlygym
Gerek dâl kân baýlygam
Saglygym-baş baýlygym
Gör nâhili hezillik

Diýmegin durmuş agyr
Her bir işde bar haýyr
Ýazdym ajaýyp şygyr
Gör nâhili hezillik