1.Apple
Apple düÿbi ABŞ-niñ Kalifornia ştatynda ÿerleşÿän we tehnologiÿa önümlerini öndürÿän Halkara kompaniÿadyr. Türkmençe doly ady Apple Aksiÿonerler Birleşigi(Doly iñlisçe ady: Apple Incorporated) bolÿandyr. Bu kompaniÿanyñ logotipinde "bir tarapy dişlenen almañ" suraty bolany üçin, halk arasynda gysgaça "Apple"(Alma) diÿilip tanalÿar. Apple kompaniÿasy gündelik durmuşymyzda ulanylÿan tehnologiÿalary(Kompÿuterler,Sensorly telefonlar, planşetler we ş.m) öndürmek, dizaÿyn etmek, olar üçin programmalar ÿazmak we olara onlaÿn hyzmatlary berÿändir.

Meşhur önümleri
"Mac" PC we Netbuk seriÿaly kompÿuterleri, macOS we iOS işlediji ulgamlar, iPod mp3 pleÿer, iPad planşeti, iPhone sensorly telefonlary, Apple Watch akylly sagatlary, onlaÿn Apple dükany AppStore, bulut tehnologiÿasy hökmünde hyzmat etÿän iCloud we iTunes Store, internet gözleg brauzeri Safari, Apple Music, iLife we iWork Apple diÿilende akylymyza gelÿän iñ meşhur önümlerdir.

Taryhy
1976-1984: Gurulyşy we aksiÿonerleşmesi
Apple 1976-njy ÿylyñ 1-nji Aprelinde Steve Jobs(Stiw Jabs), Steve Wozniak(Stiw Wazniak), we Ronald Wayne(Ronald Uweÿn) tarapyndan PC kompÿuterlerini öndürmek üçin Kaliforniada gurylandyr. 1977-de kompaniÿa aksiÿonerler birleşigine öwrülÿär. Apple I (1976), Apple II(1977) we Apple III PC kompÿuterleri Apple inženeri Steve Wozniak tarapyndan gurylÿar we Apple dolandyryjysy Steve Jobs tarapyndan satylÿandyr. Bu üç seriÿa örän uly üstünlükler gazanÿar.Ÿöne 1980-nji ÿyllarda çykarylan Apple Lisa komÿuteri, Apple garşydaşlary IBM we Microsoft tehnologiÿalary garşysynda üstünlik gazanyp bilmeÿär. Apple 1980-nji ÿylda Nÿu-Ÿork biržasynda halkyñ alym-satymyna açylÿandyr.

1984–91: Macintosh bilen üstünlükleri
Macintosh kompÿuterleri 1984-nji ÿylda George Orwellyñ(Jorj Orwel) anti-utopiÿa romany "1984" den ylham alan reklamasy bilen halka tanadylÿar. İlk başlarda Macintoshlar gowy satyşlar etsede, soñky ÿyllarynda gymmat bolanlygy sebäpli satyşlary azalÿandyr. 1983-nji ÿylda maÿadarlar tarapyndan Apple başyna CEO hökmünde John Sculley getirilÿär. Sculley-yñ ilk eden işlerinden biride Steve Jobsyñ gymmat proÿektlerini goÿbolsun etmesi bolÿar. Jobs, Sculley bilen arasy erbetleşmäne başlandan soñra, 1985-de Appledäki işinden aÿrylÿar we NeXT kompaniÿasyny gurÿar. Machintosh satyşlary kompaniÿanyñ her kompÿuterden "55% peÿda görmek" pikiri bolany üçin kän satyp bilmeÿändir. Macintosh Classic, Macintosh LC we Macintosh IIsi, Macintosh seriÿasynyñ beÿleki modelleridir.

1991–97: Düşüşi, täzeden gurulyşy we birleşmeleri
Apple tarapyndan 90-njy ÿyllarda öndürülen birnäçe wideo kamera, CD pleÿer, telewizor we internet hyzmatlary üstünlik gazanmaÿar. Microsoft tarapyndan işlenip taÿÿarlanan ulanyjy üçin örän amatly bolan Windows işlediji sistemalary,garşydaşy Apple garşysynda örän uly üstünlükler gazanÿar. Satyşlary az bolan tehnologiya enjamlary we Windows-yñ gowy satyşlary Apple-yñ düşüşine sebäp bolÿandyr. Microsoft bilen bäsleşigi güÿçlendirmek üçin Apple, IBM we Motorola kompaniÿalary bilen bilelikde AIM birleşigi adynda bir proÿekt gurÿandyr. 1996-njy ÿylda Apple-niñ başyna CEO Gil Amelio getirilÿändir. Amelionyñ eden ilk işi NeXT kompaniÿasyny satyn almak we Steve Jobsy täzeden işe almak bolÿar.

1997–2007: Täzeden peÿda gazanÿan kompaniÿa öwrülmegi
1997-de Apple düşüşe başlanynda, maÿadarlar Amelio ÿerine Steve Jobsy CEO edip saÿlaÿarlar. 1998-nji ÿylda Apple şol wagta çenli işläp düzen bütin programmalaryny iMac(Macintosh 128K) adyndaky bir kompÿuterde birleşdirÿär we ägirt uly satyşlar edÿär. Bulardan başgada 2000-nji ÿyllarda Apple iMovie,iDVD,iLife, Emagic we iPhoto ÿaly programmalary öndürÿär. 2001-nji ÿylda Apple iPod pleÿerleri we pleÿer üçin onlaÿn dükan iTunes Store(2003) çykarÿar. iPod pleyerden, çykanyndan soñky 6 ÿyl içinde 100 milÿon sany satylÿar. Apple 2006-njy ÿylda Intel Core Duo bilen bilelikde MacBook Pro we iMac çykarmaga başlaÿandyr. Bu ÿyllarda Apple-yñ esasy üstünligi biržada bolÿar, sebäbi Apple aksiÿa bahalary 2003-2006 ÿyllary arasynda 10 esse artÿandyr( 1 aksiÿa 2003-de 6 dollar wagty, 2006-da 80 dollardan satylÿar).

2007–11: Sensorly telefonlaryñ üstünlükleri

Steve Jobs Headshot 2010-CROP
2007-nji ÿyldaky Macworld Expoda Steve Jobs iPhone,iPod Touch,iPad we Apple Tv-ni halka tanatÿar.Bu dört önüm Dünÿä boÿunça satyşlarynda rekort goÿÿarlar.2008-de AppStore açylÿar. Bu ÿyllarda bulardan başgada iPhone 4,iCloud we MacBook Air ÿaly önümler çykÿandyr.

2011-häzirki wagt: Steve Jobsdan soñra

Tim Cook 2009
2011-nji ÿylyñ 24-nji Awgustynda Steve Jobs ölÿär we onyñ ÿerine Apple CEOsy bolup Tim Cook(Tim Kuk) geçýär. Cook iPhone 4S,iPhone 5, iPhone 5S we iPhone 5C ÿaly modelleri tanatÿar. Bulardan başgada "Siri" diÿen ses bilen işleÿan akylly sistema, 2-nji we 3-nji nesil iPadler,iPad Miniler we akylly sagat Apple Watch Apple-iñ şu günlerdäki iñ uly üstünlükli önümleridir.

2.Line
Line( türkmençe okalyşy: Laÿn) sosÿal mediÿa ulgamynda sensorly telefonlar, PC kompÿuterler, Netbuk we planşetlerde bar bolan internet arkaly tiz wagtda habarlaşmak üçin ulanylÿan aplikasÿondyr. Line ulanyjylary telefonlaryndaky beÿleki Line ulanyjylaryna tekst, wideo, surat, aÿdym, awdiÿo sms'ler, VoIP jañlar we konferensiÿa jañlary iberip bilÿärler. Line 2011-nji ÿylda New Human Network adyndaky Ÿaponiÿa firmasynyñ 15 sany inženeri tarapyndan gurulandyr. Şu wagt Line iOS, Android, Windows Phone, BlackBerry, Microsoft Windows, Mac OS X, Nokia Asha seriÿalary, Firefox OS ÿaly sistemalarda ulanylÿandyr. Gurulanyndan gysga wagt soñra Ýaponiÿada (18 aÿda) 100 milÿon ulanyja ÿetÿar we Ÿaponiÿada iñ uly sosÿal mediÿa bolmagy başarÿandyr. Şu günlerde 600 milÿon ulanyjysy bolan Line, Ÿaponiÿanyñ Naver Korporasiÿasynyñ eÿeçiligindedir.

3.Whats App
WhatsApp( türkmençe okalyşy: wats app) internet arkaly sensorly(akylly) telefonlarda tiz habarlaşmak üçin ulanylÿan sosÿal mediÿa aplikasÿonasydyr. Bu sosÿal ulgam arkaly sizde kontakty we WhatsApp hasaby bolan dostyñyza ÿada başga bir ulanyja tiz wagtda surat, wideo, ulanÿan mekanyñ we her hili awdiÿo sms'leri ugrady bolÿandyr. WhatsApp häzirlikçe diñeje iOS,Android,BlackBerry OS,BlackBerry 10, Windows Phone, Nokia Series 40,Symbian we Tizen ÿaly ulgamlarda ulanylyp bilinÿändir.

Taryhy
WhatsApp Korporasiÿasy 2009-njy ÿylda Brian Acton we Jan Koum atly 2 sany öñki Yahoo! işgärleri tarapyndan gurulandyr. 2015-nji ÿylyñ ÿanbar aÿynda 800 milÿon ulanyjysy bolan WhatsApp, 19 fewral 2014-nji ÿylda başga bir sosÿal mediÿa ulgamy Facebook tarapyndan satyn alynÿar.

4.Windows 10
Windows 10, Microsoft Korporasiÿsiÿasy tarapyndan işlenip düzülen kompÿuter işlediji sistemadyr(ulgamdyr). Ol Windows NT maşgalasyna degişli bir wersiÿadyr.2014-nji ÿylyñ Sentÿabr aÿyndan 2015-nji ÿylyñ iÿul aÿyna çenli beta test demosy(Build 2014) bilen test edilmek üçin halka hödürlendi. 1-nji Awgust 2015-de bolsa resmi bolup halka satyşa çykdy. Microsoftyñ 2014-nji ÿylda alan karary bilen, kompÿuterlerinde orginal Windows 7 we Windows 8.1 wersiÿasy bolan müşderiler, hiç hili pul tölemden onlaÿn Window 10 wersiÿasyny alyp bilÿärler.

(Näme üçin Windows 10)
2011-nji ÿyldaky Microsoft Worldwide Partner konferensiÿasynda Microsoft Mobaÿyl Tehnologiÿalary başlygy Andrew Lees "Biz gelejekde PC'ler üçin aÿry, sensorly telefonlar üçin aÿry, planşetler üçin aÿry bir sistema döretmegi planlamaÿarys, onyñ ÿerine hemmesinde bir wagtda işläp biljek ÿeke-täk sistema döretmegi planlaÿarys" diÿip belläp geçipdi. Leesiñ belläp geçişi ÿaly Windows 10, özünden öñki Windows sistemalaryndan tapawutlylykda PC kompÿuterler, sensorly telefonlar,planşetler, Xbox One, HoloLens we Surface Hub ÿaly birnäçe tehnologiÿalarda ulanylyp bilinÿär. Bulardan daşaryda Windows 7 we Windows 8.1 ÿaly sistemalar Windows XP ÿaly üstünlük gazanyp bilmedi we Microsoftda sistema bazarynda uly paÿ ÿitirmäne başlapdy. Windows 10 bilen Microsoft, täzeden sistema bazarynda uly satyşlar etmegi planlaÿar.

(Windows 10-da name üýtgeşiklik bar?)
Sensorly ekrany bolan netbuklar üçin, el bilen ekrana ÿazgy ÿazma we şekiller çyzmak(we bulary MS One Noteda saklamak) Windows sistemasy üçin täze gelen üÿtgeşiklikdir. Window XP'däki ÿaly çep tarapyñ aşakgy burçyna "başlama meÿusy"(Start menu) goÿulandyr. Aÿry-aÿry işleri bir wagtda garyşdyrman işlemek üçin täze bir sahypada "Desktop" açyp bolÿandyr. İnternet Explorer Gözleg browseriniñ ÿerine täze Microsoft Edge browseri gelendir. Oÿun oÿnaÿan ulanyjylar üçin bolsa täzelenen DirectX 12 we WDDM 2.0 grafikalary bardyr. Bulardan daşary barmak yz we yüz şekli arkaly parol goÿma sistemasy hem bardyr. İñ esasy we täze üÿtgeşikligi bolsa "Cortana" adyndaky ses bilen işleÿan kömekçisidir. Bir zady telefonyñyzdan gözletmek islän wagtyñyz "Cortana" ny açyp şoña sesiñiz bilen aÿdyp gözletmek bolÿar(şu wagt az sanda dillerde gözledip bolÿar). Windows Media Center(Windows Media Player we ş.m) mediÿa oÿnatyjysynyñ ÿerine täze Windows DVD Player gelendir.

(Näme üçin Windows 9 çykmady?)
Microsoft, CEO Steve Ballmer wagtynda(2000-2014) durmuşa geçirilen birnäçe proÿektlerde üstünlük gazanyp bilmedi we biržadaky bahsy düşüşe geçdi. Windows Vista, Windows 7 we Windows 8.1 ÿaly sistemalar ulanyjylar arasynda nägilelige ÿol açdy. Microsoft esasanda garşydaşy Apple korporsiÿasy garşysynda paÿ ÿitirdi we ulanyjylar nazarynda "gowy marka" bolmakdan çykmana başlapdy. Täze CEO Satÿa Nadella Microsoftyn we Windows seriÿalarynyñ abraÿyny täzeden dikeltmek sözi bilen başa gelÿär. Nadella täzeden dikeltmek we markalaşmak üçin "9" ÿerine has gowy we göze hoş "10" sanyny ulanmagy saÿlaÿar